Written on
2025-nji ýylda Türkmenistandan eksport edilýän azyk önümleriniň möçberi 30% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berildi.
Geçen ýyl Türkmenistan 263 müň tonnadan gowrak azyk önümlerini eksport etdi. Hususan-da, 2025-nji ýylda 181 müň tonnadan gowrak ter pomidor eksport edilip, bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 21% ýokarlandy.
Şeýle-de geçen ýylda 6 müň tonna golaý iýmitlik towuk ýumurtgasy we 26 müň tonna golaý azyklyk däneli ekinler eksport edildi.
Gümrük gullugy tarapyndan berlen maglumatlara görä, 2025-nji ýylda aşakdaky azyk önümleriniň hem eksporty artdy:
gök önümler we ter miweler — 5%;
gaplanan azyk önümleri — 3%;
konditer önümleri — 123%;
alkogolsyz içgiler — 282,6%.