Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar

Written on

Türkmenistan bilen Owganystan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. molla Hidaýatulla Badriniň arasynda geçirlen duşuşykda nygtaldy.

Hoja Öwezow taslamanyň durmuşa geçirilişiniň häzirki tapgyry hem-de geljekde meýilleşdirilýän işler barada maglumat berdi. Bu barada “TOLOnews” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Taraplar gaz geçirijiniň şu ýylyň ahyryna çenli Owganystanyň Hyrat şäherine çenli gurlup tamamlanmagyna umyt bildirdiler.

Gurluşyk tamamlanandan soň, Owganystan her ýyl 1 milliard ABŞ dollaryndan gowrak girdeji alar.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.