Written on
Gazagystan, deňze çykalgasy bolan Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugrunyň ösüşine hem-de onuň üstaşyr ýük daşamalarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan” gazetine beren interwýusynda aýtdy, diýip akorda.kz habar berýär.
Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Gazagystan “Bir guşak — bir ýol” başlangyjynyň durmuşa geçirilmegine, “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň hem-de Hazarüsti ulag geçelgesiniň, ýagny Orta geçelgäniň ösdürilmegine işjeň gatnaşýar we Hytaýyň bu geçelgä birikdirilmegini goldaýar.
Prezident Tokaýewiň aýtmagyna görä, Gazagystanyň ulag-logistika pudagynyň mümkinçilikleri ýokary derejede bolup, olaryň çäkleri diňe infrastruktura bilen baglanyşykly ugurlar bilen çäklenmän, milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryna hem degişlidir.
Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr jemi 19 müň konteýner ýük daşaldy.