Written on
8-nji noýabrda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Bu giň gerimli ekologik çäre ýurduň ähli sebitlerinde guralar. Çäräniň dowamynda türkmen arçasynyň nahallarynyň hem oturdylmagy meýilleşdirilýär.
Bu giň gerimli ekologik çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri çykyş edýärler.
Türkmenistanda döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şeýle ählihalk bag ekmek çäreleri yzygiderli geçirilýär. Olary geçirmekden esasy maksat ýurduň bagy-bossanlyga öwrülmegini we ekologik ýagdaýyň gowulanmagyny gazanmakdan ybaratdyr.