Written on
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk işleri görülýär. Hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreler geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyny, konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny, filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişini, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Şasenem-Garyp» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky beýik şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap, Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmegiň, hepdeligiň geçýän döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çärelere hem aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.