Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-ni döretmek barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti hem­ra ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, “Türk­men hem­ra­sy” ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni döret­mek barada Karara gol çekdi.

Onuň esaslandyryjylary hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine - esaslyk maýadaky paýy 99 göterim, ministrligiň “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna - esaslyk maýadaky paýy 0,5 göterim möç-berde paýly we “Altyn Asyr” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gatnaşmaga ygtyýar berildi.